Sepleriň elýeterliligi

Belarus prezidentlige kandidatlardan birini boşatdy


Dekabr aýynda Belarusdaky prezidentlik saýlawlarynyň netijesine protest bildirilip geçirilen demonstrasiýalarda tussag edilen prezidentlige kandidat bäş adamdan biri Witaliý Rymaşeuski azatlyga goýberildi.

Witaliý Rymaşeuskiniň Hristian Demokratik partiýasy onuň 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilen gije azatlyga goýberilendigini diňe düýn habar berdi.

Bu partiýanyň syýasy aktiwistlerinden biri Denis Sadowskiý Witaliý Rymaşeuskiniň Minsk şäherini terk etmezlik şerti bilen azatlyga goýberilendigini we onuň şu gün ýene howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çagyryljakdygyny aýtdy.

Belarusda 19-njy dekabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen gurnalan demonstrasiýada 600-den gowrak adam tussag edilipdi, şolardan bäşisi prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko bilen bäsleşen kandidatlar.
XS
SM
MD
LG