Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň başlygy Belarus barada alada bildirýär


Ýanwaryň başyndan ÝHHG guramasynyň ýolbaşçylyk roluna eýe bolan Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis düýn guramanyň Belarusdaky ofisiniň işi bilen baglanyşykly kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmak boýunça konsultasiýalaryň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Audronius Azubalis Belarusyň häkimiýetleriniň ÝHHG-niň bu ýurtdaky ofisiniň mandatyny uzaltmakdan ýüz öwürmeklerine özüniň düýpli gynanýandygyny mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, Belarusyň bu hereketleri bilen baglanyşykly häzirki wagt hemme agza ýurtlar tarapyndan kabul ederlikli bir ylalaşyga gelmek boýunça resmi bolmadyk gepleşikler alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG