Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlar Orsýetdäki tussag etmeleri ýazgardy


Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlary Orsýetiň häkimiýetleriniň syýasy protestçilerden birnäçesini tussag etmeklerini ýazgaryp çykyş etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Filip Krowleý bu barada eden çykyşynda Orsýetiň häkimiýetleriniň söz azatlygyny goldaýandyklaryny yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň bu ugurdaky öz beýanatlaryna we boýun alan borçlaryna eýermelidiklerini hem nygtady.

Şu geçen ýekşenbe güni Orsýetiň sudy Täze ýyl gijesi gurnalan protest çykyşlary üçin tanymal oppozisiýa lideri Boris Nemsowy we ýene birnäçe beýleki protestçini 15 gün türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG