Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň mugallymlary duýduryş berýärler


Düýn Gyrgyzystanyň Mugallymlar Birleşigi mugallymlaryň aýlyk haklaryny köpeltmek barada hökümetiň öňünde goýlan şertleriň şu ýanwar aýynyň ahyryna çenli ýerine ýetirilmedik halatynda, tutuş ýurt boýunça ähliumumy iş taşlaýyşlygyň gurnaljakdygy bilen duýduryş berdi.

Şu geçen dekabr aýynda Gyrgyzystanyň dürli regionlarynda orta mekdepleriň mugallymlarynyň müňlerçesi demonstrasiýa geçirip, aýlyk haklarynyň köpeldilmegini talap edipdiler. Hususan-da, olar mugallymlaryň häzirki ortaça 1500-1600 som (30-40 dollar) aýlyk haklarynyň 6800 soma (150 dollara) ýetirilmegini öňe sürüpdiler.

Emma Gyrgyzystanyň Maliýe ministrligi mugallymlaryň bu talabynyň berjaý edilmegi üçin 10 milliard som möçberinde goşmaça serişdäniň zerur boljakdygyny, beýle serişdäniň bolsa häzir döwlet býujetinde ýokdugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG