Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Merkezi Aziýa göz dikýär


Hytaý Türkmenistandan uzynlygy 1,760 kilometrden aşýan gaz geçirijisini çekip, bu ýurdy 30 ýyllap her ýyl 40 milliard kubmetrden gaz akdyrmaga borçly etdi.

Hytaý Türkmenistandan uzynlygy 1,760 kilometrden aşýan gaz geçirijisini çekip, bu ýurdy 30 ýyllap her ýyl 40 milliard kubmetrden gaz akdyrmaga borçly etdi.

Täjigistanda Murgap şäheriniň bir çetinde gurulýan täze gümrük desgalary regiona ýene bir güýçli döwletiň dolanyp gelýändigini görkezýär. Bu ýyl bu desga gurlup bolansoň, hytaý harytlarynyň Merkezi Aziýany sil basan ýaly öňküsinden hem beter basjakdygy görnüp dur.

Strategiki region

Hytaý resmileri bu regiona ýurduň energiýa howpsuzlygy, söwda ekspansiýasy, etnik durnuklylygy we harby goranyşy üçin möhüm berkitme hökmünde garaýar. Hytaýyň döwlet kompaniýalary energiýa geçirijiler, demirýollar we söwda ýollary bilen Merkezi Aziýa düýpli aralaşdylar.

1991-de Sowet Soýuzynyň çökmegi bilen garaşsyzlyga çykan, ilatynyň aglaba köplügi musulman Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan, XIX asyrda bolşy ýaly, ýene läheňleriň göreş meýdanyna öwrüldi. Bu gezek güýç synanyşýanlar “Uly Oýundaky” ýaly Orsýet bilen Britaniýa däl-de, Hytaý, Orsýet we Merkezi Aziýany Owganystandaky ýaragly güýçler üçin ötelge edinýän Amerikanyň Birleşen Ştatlary.

Hytaý resmileri amerikan esgerlerine, Merkezi Aziýada, Hindistanda we Owganystanda gurulýan harby ýaranlyklara Hytaýy gabamak üçin Günbataryň alyp barýan strategiýasy diýip garaýar. Olary bu strategiýada Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen bolan hyzmatdaşlyklara bil baglanylmagy hem aladalandyrýar.

Adynyň aýdylmagyny islemeýän bir amerikan resmisi Hytaýyň Merkezi Aziýada maýa goýmagyny ol ýerdäki döwletleriň we Birleşen Ştatlaryň-da oňat garşylaýandygyny belleýär. Ol: “Ýöne Hytaýyň maýa goýumlary we bu ýurtlar bilen gatnaşyklary barada aç-açanlyk ýok” diýýär.

“Biz näme edeli?”

Hytaýyň bu ýurtlara aralaşmagyna ýerli ilat-da begenip baranok. “Biz, gazaklaryň köpüsi, hytaýlylaryň bu ýerlere aralaşmagyna gaty şübheli garaýarys. Ýöne näme edeli? Bu kararlary çykaryp, erkin söwda zonasyny we ýer teklip edip, olary maýa goýmaga çagyrýan – hökümet” diýip, 35 ýaşly sürüji Aidelhan Onbedbaýew aýdýar.

Käbir hytaý resmileri bu region bilen näme üçin gyzyklanylýandygyny ýaşyryp hem duranok. Mysal üçin, Hytaýyň halk-azat ediş goşunynyň generaly Liu Ýazhou öten tomus hepdelik žurnal ”Foeniksde”: “Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen energiýa hyzmatdaşlygy 1990-njy ýyllarda başlandy. Ýöne soňky ýyllarda ýurduň milli güýjüniň artmagy bilen Hytaý Birleşen Ştatlar we Orsýet tarapyndan regionda inisiatiwanyň ýoklungyndan peýdalandy” diýip ýazdy.

Indi bolsa, täze ýangyç geçirijiler Merkezi Aziýadaky ýataklardan Uýgurystana nebit we tegigy gaz akdyrýar. Hytaý resmileri Merkezi Aziýa we Hazar deňzine energiýa almaga möhüm alternatiw çeşme hökmünde garaýar.

Pekin şeýle hem Merkezi Aziýa Uýgurystanda durnuklylygy gorap saklamak üçin daýanç nokady diýip düşünýär. 2009-njy ýylda uýgurlar bilen hytaýlylaryň arasynda turan ganly çaknyşykdan bäri Pekin bu ýere Merkezi Aziýadan ýa Pakistandan hem-de Owganystandan radikal yslamçylygyň aralaşmagyndan gorkýar.

Merkezi Aziýa regionynda ýarym million töweregi uýgur ýaşaýar. Bularyň hem aglaba köplügi Gazagystana we Gyrgyzystana Uýgurystandan gelenler.

Ykdysady täsir

Hytaý şol bir wagtyň özünde-de öz ykdysady täsirini artdyrmak üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan peýdalanmaga synanyşýar. Ol bu guramada durýan ýurtlara öz ykdysadyýetlerini güýçlendirmekleri üçin 10 milliard dollar karz pul berdi.

“Hytaý töwerekdäki bu ýurtlara mydama üns berip geldi. Pekin Hytaýyň ykdysady taýdan ösmegi üçin oňat ýagdaý döretmek maksady bilen bu ýurtlarda asudalygyň artmagyna goşant goşdy” diýip, Hytaýyň Ylymlar Akademiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Wu Hongwei aýdýar.

Pekiniň nebit-gaza mätäçligi bu zatlary strategik energiýa howpsuzlygyna degişli meselä öwürdi. Hytaý bilen çet ýurtlaryň arasyndaky ilkinji iki täze geçiriji ony Türkmenistandan gaz, Gazagystandan hem nebit bilen üpjün edýär.

Hytaý Türkmenistandan uzynlygy 1,760 kilometrden aşýan gaz geçirijisini çekip, bu ýurdy 30 ýyllap her ýyl 40 milliard kubmetrden gaz akdyrmaga borçly etdi we dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri hasaplanýan Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek üçin lisenziýa eýe boldy.

Bu synyň doly görnüşi ilki başda “The New York Times” gazetinde Edward Wonguň awtorlygynda çap edildi. Ony taýýarlamaga gatnaşanlar: Pekinden Ksýun Ýang we Benjamin Haas, Žarkentden (Gazagystan) Teo Kaýe. Makaladaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG