Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside uruş weteranlary protest demonstrasiýasyny geçirdiler


Duşenbe güni Tbilisiniň polisiýasy uruş weteranlarynyň geçiren protestini dargadyp, olaryň birnäçesini tussag etdi.

Protestçiler 1992-1993-nji ýyllar aralygynda Gürjüstanyň Abhaziýa regionynda söweşen we 2008-nji ýylyň awgustynda Günorta Osetiýada Orsýet bilen dörän çaknyşyga gatnaşan öňki esgerlerdi.

Olar 27-nji dekabrda özlerine berilýän jemgyýetçilik ýeňillikleriniň bes edilmegine garşy Gahrymanlar meýdançasynda protest demonstrasiýasyny geçirdiler.

Soňky aýlaryň dowamynda Tbiliside suwa we elektrik toguna tölenýän tölegler artdyryldy. Şeýle-de jemgyýetçilik transportynyň bahalary hem ýokarlandy.

Ýurduň parlamentiniň başlygynyň orunbasary Paata Davitaia weteranlaryň geçiren protestine polisiýanyň goşulmagyny ýazgaryp, muny “kabul ederliksiz” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG