Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan paýtagtyndaky partlamada bir adam öldi


Owganystanyň paýtagty Kabulda bolan partlamada bir adamyň ölendigi we başga-da dört adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Polisiýanyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, bu partlama şäheriň bazarynda amala aşyrylypdyr. Häzirlikçe partlamanyň nyşanynyň kimiň ýa-da nämäniň bolandygy anyklanmady.

Bu partlama şaýat bolan Agha Jan atly raýat şeýle gürrüň berdi: "Içi partlaýjy serişdelerden doldurylan guty barlag-gözegçilik nokadynyň golaýynda goýuldy. Haçan-da barlag-gözegçilik nokadynyň ýolbaşçysy bu gutyny açjak bolanda, ol partlady. Bu partlama sebäpli gutyny açjak bolan adam öldi, mundan başga-da golaý-goltumda ýaşaýan dört adam, şol sanda bu ýeriň ýaşulusy hem ýaralandy”.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG