Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çerkez alymynyň öldürilmeginde gozgalaňçylar aýyplanýar


Orsýetiň düzümine girýän Kabardino-Balkariýa respublikasynyň prezidenti Aslan Tsipinov çerkez milletinden bolan alymyň öldürilmeginde ýerli demirgazyk kawkazly gozgalaňçylary aýyplady.

Halk döredijiligini öwreniji belli etnograf Aslan Tsipinov 29-njy dekabrda öz öýüniň golaýynda iki sany näbelli hüjümçi tarapyndan atylyp öldürildi.

Kabardino-Balkariýanyň prezidenti Arsen Kanokow bu hüjümçileriň “rehimsizligini we gazabyny” çäksiz diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de ol respublikanyň Içeri işler ministrligine alymyň ölümine sebäp bolan bu hüjümçileri tapmagy buýurdy.

Kabardino-Baklariýa respublikasy Orsýetiň durnuksyz regionlary bolan Çeçenistanyň, Dagystanyň we Inguşystanyň golaýynda ýerleşýär. Bu regionlarda häkimiýetler yslam gozgalaňçylary bilen göreş alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG