Sepleriň elýeterliligi

Eýranda bäş sany sopy derwüşi tussag edildi


Sişenbe güni Eýranda bäş sany sopy derwüşi tussag edildi.

Eýrandaky derwüşleriň we studentleriň hukuklaryny goraýan Halkara komitetiň berýän maglumatlaryna laýyklykda, ýekşenbe güni Eýranyň Foulad Shahr şäherinde ýurduň polisiýa we howpsuzlyk güýçleri “Nematollahi Gonabadi” atly sopy musulman toparynyň bäş wekilini tussag edipdirler.

“Nematollahi Gonabadi” toparynyň Ýewropadaky metbugat wekili Soudabeh Ghaeminiň aýtmagyna görä, esasy nyşana bu toparyň baştutany Morteza Mahjoubi bolupdyr.

Eýandaky sopylar bilen yslamyň has konserwatiw tarapdarlarynyň arasyndaky dartgynlyk eýýäm uzak wagtdan bäri dowam edip gelýär.

Sopy resmileriniň we adam hukuklaryny goraýjylaryň aýtmagyna görä, prezident Mahmud Ahmedinejad häkimiýet başyna gelenden soň sopylara azar bermeler hem ýygjamlaşypdyr.
XS
SM
MD
LG