Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň Punjab welaýatynyň häkimi öldürildi


Sişenbe güni Päkistanyň Punjab welaýatynyň häkimi Salman Taseer Yslamabatda atylyp öldürldi.

Polisiýanyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Salman Taseere garşy onuň öz gorag gullugynyň işgäri ot açypdyr. Bu wakada başga-da bäş adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Päkistanyň içeri işler ministri Rehman Malikiň aýtmagyna görä, hüjümçi Salman Taseeriň dine garşy dil ýetirmezlik boýunça kanuna garşy çykanýanlygy üçin ony atandygyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG