Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystandaky dagyň çür depesine Putiniň ady dakylar


Gyrgyzystandaky dagyň iň beýik depeleriniň birine Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň adynyň dakylmagy mümkin.

Munuň bilen baglylykda, Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew degişli karara gol goýdy. Bu kararyň güýje girmegi üçin ony Gyrgyzystanyň parlamentiniň tassyklamagy zerur.

Eger-de bu karar gyrgyz parlamentinden geçse, onda ýurduň Çui welaýatyndaky 4,500 metrlik dagyň çür depesine Wladimir Putiniň ady dakylar.
XS
SM
MD
LG