Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gazagystanyň milli referendum planyny tankyt edýär


Sişenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Gazagystanda prezident Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini uzaltmak boýunça milli referendumy geçirmek ugrunda edilýän tagallalary ýazgardy.

Birleşen Ştatlaryň Gazagystandaky ilçihanasynyň ýaýradan beýanatynda “ýurduň Konstitusiýasynda kepillendirilýän prezident saýlawlarynyň ýeriniň milli referendum bilen çalşyrylmagy netijesinde Gazagystanyň demokratiýasyna uly zarba urlar” diýlip nygtalýar.

Geçen aý Gazagystanda 2012-nji ýyldaky prezident saýlawlaryny geçirmän, prezident Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak boýunça inisiatiwa topary döredilipdi.

Munuň bilen baglylykda, bu inisiatiwa toparynyň 200,000 gol ýygnamagy şert bolup durýar. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, bu inisatiwa topary eýýäm gollaryň 2 milliondan gowragyny ýygnapdyr.

ABŞ-nyň bu beýanatyna jogap edip, inisiatiwa toparynyň ýolbaşçysy Ýerlan Sydykow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Her bir döwlet özüniň pikirini aýtmaga haky bardyr, emma her bir döwletiň kanunlaryň çäginde ähli zady etmäge-de haky bar. Bu demokratiýanyň alamatydyr”.

Soňra ol şeýle diýdi: “Biziň öz Konstitusiýamyz bar. Biziň öz geljegimizi özümiziň kesgitlemäge hakymyz hem bar, bu hem biziň iň uly üstünligimizdir. Biz demokratiýany çökermeýäris, şeýle-de Konstitusiýany bozmaýarys. Biz diňe kanunyň çäginde hereket edýäris”.
XS
SM
MD
LG