Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Geçen ýylyň aýagyndan bäri dowam edýän nobatlar, ilki başdaky bilen deňeşdirilende, azalan ýaly bolsa-da, “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kärhanasynyň käbir hyzmat ediş nokatlarynda nobata durýan adamlaryň sany 50-60-a ýetýär. Käbir hyzmat ediş nokatlarynda nobata duran adamlaryň sany 30-dan geçenok.

“Altyn Asyr” ÖAK-nyň Aşgabat şäheriniň “Parahat” mikroraýonundaky hyzmat ediş nokadynda ortaça 25-30 adam nobata durýar. Günüň dowamynda nobatlaryň yzy kesilmeýär.

“Altyn Asyr” ÖAK-nyň “Paýtagt” söwda merkezinde ýerleşýän hyzmat ediş nokadyndaky nobat san taýdan iň köp nobat. Bu ýerde nobat polisiýanyň kömegi bilen düzgünleşdirilýär. Ol ýerde nobata duran müşderileriň biri nobatyň köp bolmagynyň sebäbini bu ýerdäki nokatda arza ýazyp, internet hyzmatyna hem birigip bolýandygy bilen düşündirdi.

Hemmeler üçin däl

“Altyn Asyr” ÖAK-nyň hyzmat ediş nokatlarynyň ählisinde mobil nomerleriň diňe Aşgabadyň ýaşaýjylaryna berilýändigi baradaky bildirişler heniz hem bar. Şol sebäpden, türkmenistanlylaryň köpüsi Aşgabatda “Altyn Asyr” mobil kärhanasynyň täze SIM kartalaryny alyp bilmeýärler.

Müşderilere ýazgyda duran ýerlerine görä hyzmat edilmegi raýatlaryň köpüsinde nägilelik döredýär. Olaryň köpüsi özlerini kemsidilen ýaly duýýarlar. Bu bildirişi görmän, birnäçe sagat nobata durup, gezegi ýetensoňam “welaýat propiskasy bolanok” diýen jogaby alyp, nägile bolup gaýdýanlar az däl.

“Ýimpaş” söwda merkezindäki “Diňe Aşgabat şäherinde ýazgyda duran raýatlara hem-de daşary ýurt raýatlaryna SIM karta berilýär” diýen ýazgyny okap duran Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Hangeldi nobata duran daşary ýurtlulara yşarat edip: “Bizi öz ýurdumyzda daşary ýurduň raýatlylarça görenoklar” diýip, öz nägileligini bildirdi. “Daşary ýurt raýatlaryna SIM karta berilýär” diýen bildiriş häzir diňe “Ýimpaş” söwda merkezinde bar.

Nobatlaryň köpelmegi bilen “Altyn Asyr” mobil kompaniýasynyň “Paýtagt” söwda merkezindäki hem-de öňki WDNH-daky hyzmat ediş nokatlary gije-gündiz, 24 sagatlap işleýärler. “Bu hyzmat ediş nokatlarynda gije diňe täze belgiler berilýär” diýip, “Altyn Asyr” ÖAK-nyň işgäri aýtdy. Emma gije baryp nomer alýan adamlaryň sany az, nobatlar bolsa ýok.

“Ýurduň habar beriş serişdelerinde MTS mobil kompaniýasynyň hem-de “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlarynyň ýagdaýy barada hiç hili maglumatlar berilmänsoň, adamlar bu ýagdaýdan habarsyz galýarlar” diýip, “Altyn Asyr” ÖAK-nyň işgäri sözüne goşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň MTS kompaniýasynyň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy baradaky ýaýradan beýannamasy hem ýurduň habar beriş serişdelerinde çap edilmedi. Türkmen mediasynyň bu mesele barada dymmagy ilat arasynda dürli gep-gürrüňleriň ýaýramagyna hem getirýär.

Hyzmat üçin tölegler

“Altyn Asyr” ÖAK-nyň hyzmatlary üçin töleg tölemekde käbir ýeňillikler hem döredildi. Hyzmat ediş nokatlarynda tölegleri kabul edýän aýratyn kassa bar. Emma tölegleriň Aşgabat şäheriniň islendik poçta aragatnaşyk bölümlerinde kabul edilýändigi baradaky bildirişleriň asylandygyna garamazdan, töleg kassalarynda nobatlar azalmaýar.

Bu nobatlaryň sebäbi: kä ýerlerde töleg baradaky maglumaty kompýutere salmakda tehniki näsazlyklar ýüze çykýar, käbir ýerlerde bolsa, täze nomer alýanlaryň nobaty sebäpli müşderiler kassa baryp bilenoklar. Käbir hyzmat ediş nokatlarynda hyzmatlar üçin töleg tölemek asla mümkin däl. Mysal üçin, “Paýtagt” söwda merkezinde nobata duran adamlar “nobatsyz nomer aljak bolýandyr” diýen şübhe bilen, kassa müşderileri goýbermeýärler.

“Altyn Asyr” ÖAK-nyň müşderileriniň köpelmegi netijesinde töleg kassalarynyň ýetmezçilik edýändigi aýdyň duýulýar. “Altyn Asyr” mobil kärhanasynyň töleg kartlary hem giňden satylýar. Emma bu ýagdaý hem kassalaryň öňündäki nobatlaryň azalmagyna o diýen ýardam edenok.

4-nji ýanwarda “Altyn Asyr” ÖAK müşderilerine öz belgilerinden telefon arkaly başga belgä pul geçirmegiň mümkindigi baradaky SMS bildirişini ýaýratdy. Şeýle hyzmat öň ýokdy. Käbir müşderiler pul geçirmeleri amala aşyrmak barada günüň dowamynda 2-3 gezek SMS alan bolsalar, käbir müşderiler bu hyzmat barada hiç hili SMS almandyklaryny aýdýarlar. 31-nji dekabrda “Altyn Asyr” ÖAK-nyň öz müşderilerini Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap iberen SMS gutlaglaryny heniz hem almadyklar bar.

“Altyn Asyr” mobil aragatnaşygyndaky döreýän näsazlyklar entek hem dowam edýär. Käbir raýatlaryň aýtmagyna görä, SMS ýazgylar iberilen belgä birnäçe sagat soň gowuşýar, jaň etmek üçin belgini birnäçe gezek aýlamaly bolýar. Internede birikmekde hem kynçylyklaryň bardygyny aýdýan müşderiler bar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG