Sepleriň elýeterliligi

Şepagat uýalary zerur gerek


Şepagat uýalary medisina ulgamyna örän zerur gerek.

Şepagat uýalary medisina ulgamyna örän zerur gerek.

Şepagat uýalary lukmanyň sag goly diýsek, ýalňyşmasak gerek. Sebäbi lukman näsagy gözden geçirýärkä näsaga degişli «näsaglyk depderçesini» gözläp tapýan hem, depderçä lukmanyň näsaga içmegi tabşyrýan dermanlarynyň atlaryny ýazýan-da, näsagyň dermanhanalardan almaly dermanlary üçin resept ýazýan-da şepagat uýasy. Näsaglara paýlanýan dermanlary paýlaýan, olara sanjymlary urýan, gerekli kabinetlere ugrukdyrýan — şepagat uýasy. Şepagat uýasy bolmadyk ýagdaýda lukmanyň hut sag goly gopan ýaly, ol işlän çagy örän aljyraňňylyga düşýär.

Aslyna seretseň, heý, ýany şepagat uýasyz hem lukman işlärmi?!

Gynansak-da, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň iş orunlaryny gysgaltmak syýasaty boýunça, işden gidirilen medisina işgärleriniň köp bölegi şepagat uýalarydy. Ilki şepagat uýalarynyň sany öz işlemeli ýerlerinde üçden ikä getirildi. Soň bire. Soň bolsa şepagat uýalarynyň etmeli işleri lukmanlara tabşyryldy, şepagat uýalary bolsa «öz islegleri boýunça» işden boşadyldy.

Gowy kadrlar ýitirildi. Şepagat uýalarynyň öz hünäri boýunça iş tapmadyklary tam süpürijilere, köçe süpürijilere öwrüldiler. Hatda işsiz galan şepagat uýalarynyň arasynda neşe söwdasyna ulaşyp, türmä gidenleri-de boldy.

Şepagat uýalary işden gidirildi. Lukmanlar kyn ýagdaýda galdy. Saglyk öýleridir hassahanalarda köp lukmanlaryň özi öz başyny çaramaly bolýar. Näsagyň şahsy kartoçkasyny gözleýän-de lukmanyň özi, näsaga däri-derman ýazýan-da lukmanyň özi, näsagy gözden geçirýän-de lukmanyň özi. Eger näsaglara derman paýlamaly bolsa-da, bu işi hem lukmanyň özi ýerine ýetirýär. Lukmanyň iki adamyň ýerine işlemegi näsaglara nobatyň wagty bilen ýetmezligine getirýär. Näsaglar nobata durup-durup, ýadaýarlar. Keselçiligiň üstesine, nobata durma-da näsagyň derdiniň üstüne urna bolýar.

Gippokratyň kasamyna biwepalyk

Şepagat uýalarynyň hökümet medisina ulgamyndan işden giderilmegi olaryň köpüsiniň şahsy ýagdaýda işini dowam etdirmäge iterdi. Sanjym almaly bolanda adamlar islän wagty hökümetiň saglyk öýlerine baryp bilenoklar. Käte saglyk öýlerine gitmäge näsagyň ýagdaýy bolanok, käte gije hem sanjym almaly pursat bolýar. Şeýle ýagdaýda ýakynrakda ýaşaýan, hökümete garaşsyz işleýän şepagat uýalaryna ýüz tutmaly bolýar. Myşsa urmaly sanjymyň nyrhy bar, damardan almaly sanjymyň nyrhy bar, asma sanjymyň nyrhy bar. Näsag on günläp sanjym almaly bolsa, sanjymlar üçin tölegler ep-esli pula barabar bolýar. Kä kesellerden on günüň dowamynda sagalybam bolanok.

Şepagat uýalarynyň iş ýerleriniň kemeldilmegi uly keselhanalarda has ýiti bildirýär. Üç adamyň ýerine bir adamyň işledilmegi, aşa ýadowlyk döredýär. Näsaglaryň sanjymlarynyň wagtly-wagtynda urulmazlygy ýaly ýagdaýlary döredýär. Aýlyklaryň mukdarynyň azlygy şepagat uýalarynyň hem Gippokratyň kasamyna biwepalyk etmegine sebäp bolýar. Olar hem özlerine daşyndan puljagaz oklaýan näsaglara aýratyn gowy hyzmat edýärler, olaryň sanjymlaryny sypdyrman urýarlar.

Ýurduň ençeme welaýatynda — Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenabat şäherinde, Maryda, Aşgabatda şepagat uýalaryny ýagny, orta medisina işgärlerini taýýarlaýan uçilişşeler bar. Ol okuw jaýlaryna her ýyl okuwçy kabul edilip, ony iki-üç ýylyň dowamynda tamamlaýan ýaşlar orta medisina işgärleri bolup ýetişýärler. Ýöne şol uçilişşeleri tamamlaýan ýaşlara okuwy tamamlandan soň iş tapmak görgi. Her kim tanşyň üsti bilen iş gözleýär. Lukmanlar bolsa şepagat uýasyz kösenýär. Şepagat uýalary medisina ulgamyna örän zerur gerek.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG