Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da Eýranyň soňky patyşasynyň ogly öli tapyldy


Eýranyň ozalky patyşasy Şa Muhammad Reza Pehlewiniň iň kiçi ogly Alireza Pehlewi düýn Birleşen Ştatlaryň Boston şäherinde öli tapyldy.

Boston şäheriniň resmileri 44 ýaşly Alireza Pehlewiniň öz janyna kast edip ölendir diýlip hasaplanylýandygyny aýdýarlar. Maglumata görä, Alireza Pehlewiniň kellesine bir ok atylypdyr. Ýöne onuň ýanyndan nähilidir bir ýaragyň tapylandygy ýa tapylmandygy barada welin anyk maglumat berilmeýär.

Alireza Pehlewiniň uly agasy Reza Pehlewi öz web saýtynda öz inisiniň köp ýyllar bäri Eýrandaky ýagdaýlar, şeýle hem öz kakasynyň we aýal doganynyň ölümi sebäpli güýçli depressiýa keselinden ejir çekip gelendigini ýazypdyr.

Ol soňky ýyllar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda birnäçe uniwersitetlerde okapdy.

Alireza Pehlewiniň kakasy Şa Muhammad Reza Pehlewi Eýranda 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasynda özüniň şa tagtyndan agdarylypdy. Şondan bir ýyl soň bolsa, ol Müsürde aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG