Sepleriň elýeterliligi

Eýran hristian wagyzçylarynyň bir toparyny tussag etdi


Düýn habar agentlikleri Tähran prowinsiýasynda Eýranyň häkimiýetleriniň hristian wagyz-nesihatçylaryndan bir toparyny tussag edendiklerini habar berdiler.

Bu prowinsiýanyň gubernatory Morteza Tamaddon ýurduň IRNA habar agentligine beren interwýusynda bu maglumaty hakykatdanam tassyklady we ýakyn wagtlarda ýene-de şular ýaly tussag etmeleriň bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Ýöne ol tussag edilenleriň anyk şahsyýetleri barada maglumat bermedi.

Ol özüniň bu interwýusynda gürrüňi edilýän toparyň Britaniýanyň goldaw bermeginde «hristiançylyk» ady bilen döredilen bikanun bir topardygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG