Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gazagystanyň referendum geçirmek planlaryny ýazgardy


Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlary Gazagystanyň häkimiýetleriniň Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini referendum arkaly uzaltmak ugrundaky tagallalaryny ýazgardy.

Birleşen Ştatlaryň Gazagystandaky ilçihanasy bu barada ýaýradan ýörite beýanatynda konstitusiýa tarapyndan üpjün edilýän prezidentlik saýlawlarynyň deregine milli referendum geçirmekligiň Gazagystanda demokratik prosesleriň yza gaýtmasy hökmünde alamatlanjakdygyny belläpdir.

Geçen aý Gazagystanda döredilen bir inisiatiw topar 2012-nji ýylda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynyň ýerine Nazarbaýewi 2020-nji ýyla çenli prezidentlik wezipesinde galdyrmak meselesi boýunça ählihalk referendumyny geçirmek ideýasy bilen çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG