Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda üç günlük ählihalk matamy yglan edildi


Düýn Pakistanyň hökümeti ýurduň Punjab prowinsiýasynyň gubernatory Salman Taseeriň janyna kast edilip öldürilmegi bilen baglanyşykly ýurtda üç gün matam tutulýandygyny yglan etdi.

Salman Taseer düýn Yslamabatdaky öýüniň ýanynda atylyp öldürildi. Ýurduň häkimiýetleri bu hüjümde onuň janpenalaryndan biriniň aýyplanýandygyny we onuň tussag astyna alnandygyny mälim etdiler.

Salman Taseer soňky wagtlar Pakistanyň dine dil ýetirmek meselesi barada kabul eden täze kanunyny ýiti tankytlap gelipdi. Bu täze kanun yslam dinine dil ýetirilmegi üçin adama ölüm jezasyny bermek ýaly çäreleri-de göz öňünde tutýar.

Salman Taseeriň janyna kast edenlikde aýyplanylýan onuň janpenasynyň jenap Taseeriň bu täze kanun baradaky tankytlaryna nägilelik bilen reaksiýa bildirip gelendigi aýdylýar.

Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Salman Taseeriň janyna kast edilmegini berk ýazgaryp çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG