Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň öldürilen häkimi jaýlandy


Pakistanyň Penjap welaýatynyň sişenbe güni Yslamabatda öldürilen häkimi maşgala agzlarynyň, dost-ýarlarynyň, döwlet işgärleriniň we tarapdarlarynyň gatnaşmagynda çarşenbe güni Lahorda jaýlandy.

State Funeral For Slain Punjab Governor
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00


Salman Taseeri atyp öldüren onuň janpenalarynyň biri. Sebäbi häkimiň ýurduň yslama dil ýetirmezlik baradaky jedelli kanunyna garşy çykanlygy.

Taseeriň meýidi öten agşam Penjap welaýatynyň merkezi Lahora getirildi. Onuň jynaza namazyna müňlerçe adam bilen birlikde ýurduň premýer-ministri Ýusaf Raza Gilany-da gatnaşdy.

Taseer 2007-nji ýylda öldürilen premýer-ministr Benazir Bhuttodan bärde janyna kast edilen ilkinji ýokary derejeli döwlet işgäri. Şol sebäpden onuň ölümi pakistan elitasyna agyr zarba bolup degip, ýurtda üç günlük milli matam yglan edildi.

Salman Taseeriň öldürilmegine gaty gynanan adamlaryň biri yslambatly doktor Bangaş: “Bu bir gaty tragiki hadysa. Bu bolmaly däldi. Muny kim hem eden bolsa, öz şahsy delilleri sebäpli edendir. Pakistanda bu ýagdaý şeýle dowam etse, onda bu ýurt üçin gaty ýaramaz bolar” diýýär.

Ýöne Taseeriň öldürilmegini oňat garşylanlar-da bar. Dini ýolbaşçylaryň birnäçesi ony öldüreniň “batyrlygyny” we dine bolan yhlasyny öwüp, adamlary matamy boýkot etmäge çagyrdy.

Pakistanyň “Jamaat-e ahl-e sunnat” toparynyň aýtmagyna görä, 500-den agdyk dini alym: “Yslama dil ýetirmezlik baradaky kanuna garşy çykýanlar we yslama dil ýetirýänler Taseeriň ölüminden sapak alsynlar” diýip, duýduryş beripdir.

Kim etdi?

Yslamabadyň Kohsar bazarynda Salman Taseeri atyp öldürenlikde şübhelenilýän janpena Malik Mumtaz Husseýin Kadri şol bada tutuldy. Içeri işler ministri Rehman Malikiň aýtmagyna görä, Kadri häkimi öldürendigini boýun alyp, bu işi onuň yslama dil ýetermezlik bardaky kununy gara kanun diýip häsiýetlendirenligi üçin edendigini aýdypdyr.

Kadri muny ýekelikde edipmi ýa bu işde başga adamlaryň hem eli barmy, bu barada häzir barlag işleri barýar: “Ol öz janpenasy tarapyndan şehit boldy. Bu bir ýekelikde edilen işmi ýa onuň aňyrsynda başga biri-de barmy, muny biz indi derňemeli”.

66 ýaşly Taseer Benazir Bhuttonyň “Pakistanyň halk partiýasynyň” ýokary derejeli agzasy hem-de onuň adamsy prezident Asif Ali Zardarynyň ýakyn ýaranydy. Ol şeýle hem Pakistanyň ilat taýdan iň uly we ykdysady taýdan iň gurply welaýaty Penjapda yslamçy söweşijileriň artmagyny ýiti tankytlaýan adamdy.

Taseer ýaňy golaýda hem özüniň ýurduň yslama dil ýetirmezlik baradaky kanunyna garşydygyny bildiripdi. Bu kanun boýunça yslama dil ýetiren adama ölüm jezasy berilmeli.

Taseeriň öldürilmegini Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Milletler Guramasy ýiti ýazgardylar.

Amerikanyň Döwlet Sekretary Hillary Klinton Taseeriň ölümini “uly ýitgi” diýip atlandyryp, onuň çydamlylygy we aň-bilimi ösdürmek baradaky işlerine özüniň mydama ýokary baha berip gelendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG