Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Respublikanlar Wekiller palatasyna baştutanlyga geçdi


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Wekiller palatasyna Respublikan partiýasynyň wekilleri resmi taýdan baştutanlyga geçdiler.

Respublikanlar prezident Barak Obamanyň gün tertibine girizen köp meselelerine garşy çykyp gelýärler.

Geçen ýylyň noýabrynda geçirilen saýlawlaryň netijelerine laýyklykda, Respublikanlar Demokratlardan 435 orunly Wekiller palatasyndaky köpçüligi almagy başarypdy.

Ýöne, muňa garamazdan, Demokratlar henizem ýurduň Senatyndaky köpçüligini eýeleýärler.

Prezident Obama Respublikanlary we Demokratlary bilelikde işläp, öz administrasiýanyň kynçylyk çekýän amerikanlylara iş ýerlerini döretmek ugurunda edýän tagallalaryna goldaw bermäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG