Sepleriň elýeterliligi

Wenesuela ilçi ibermek boýunça Waşingtona teklip berýär


Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez Birleşen Ştatlaryň Karakasdaky nobatdaky ilçisiniň aktýor Şon Peniň, pelsepeçi Nom Çomskiniň ýa-da režissýor Oliwer Stonuň bolup biljekdigi baradaky pikirini öňe sürdi.

"Şon Pen, Oliwer Ston ýa-da Çomski. Biziň köp dostlarymyz bardyr. Bill Klinton!” diýip, Çawez sişenbe güni Wenesuelanyň milli telewideniýesinde çykyş etdi.

Geçen hepde Waşington Wenesuelanyň ABŞ-daky ilçisiniň wizasyny ýatyrandan soň Çawez bu teklibini etdi.

Birleşen Ştatlaryň aýtmagyna görä, Waşington muny özüniň Wenesuela bellän ilçisini Karakasyň ret etmegine jogap hökmünde edipdir.

Prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň Wenesuela bellän ilçisi Larri Palmeriň Wenesuelanyň harbylarynda moralyň ýoklugyny, şeýle-de Wenesuelada Kolumbiýanyň çepçi raýatlyarynyň bolmagynyň mümkindigini aýdandygy sebäpli, prezident Hugo Çawez onuň kandidaturasyny kabul etmedi.
XS
SM
MD
LG