Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň daşyna migrasiýa edenler 10% köpelipdir


Gyrgyzystanyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, geçen ýylyň dowamynda ýurduň daşyna migrasiýa edenleriň sany 10 prosent ýokarlanypdyr.

Bu görkezijiniň käbir bölegi geçen ýylyň iýunynda ýurduň günorta sebitlerinde dörän etnigara çaknyşyklardan soňra göçürlen 40,000 töweregi etniki özbeklerdir.

Gyrgyzystanyň öňki migrasiýa we iş üpjünçilik ministri, häzir prezident Roza Otunbaýewanyň maslahatçysy Aýgül Ryskulowanyň Azatlyk Radiýosyna aýtmagyna görä, migrasiýa edenleriň 90 prosenti etniki gyrgyzlardan ybarat bolup, olar iş gözleginde ýurtdan çykypdyrlar.

Ýöne Aýgül Ryskulowa geçen ýylyň ýa-da soňky ýyllaryň dowamynda ýurtdan çykanlaryň takyk sanyny aýtmady.
XS
SM
MD
LG