Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Aşgabada sapar eder


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso ýanwar aýynyň 13-15-i aralygynda Türkmenistana we Azerbaýjana sapar eder diýip, Germaniýanyň milli habar agentligi aýdýar.

Manuel Borrosonyň delegasiýasynyň düzüminde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmileri, şol sanda Bileleşigiň energiýa boýunça komissary Günter Öttinger hem bolar.

Bu saparlaryň dowamynda ÝB ýurtlarynyň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi meselesi boýunça maslahat ediler.

“Men geljek hepde energiýa boýunça komissar Günter Öttinger bilen “Günorta Korridor” inisiatiwasyny ýola goýmak üçin Türkmenistana we Azerbaýjana bararyn” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso aýtdy.

ÝB Orsýetiň gazyna bolan garaşlylygyny azaltmak ugrunda tagalla edýär. Emma Türkiýäniň üstünden geçiriljek “Günorta Korridor” atly proýekt we “Nabukko” häzire çenli garaşylýan netijeleri berenok.
XS
SM
MD
LG