Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Belarusa žurnalistler bilen baglanyşykly ýüzlendi


Düýn Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Belarusyň häkimiýetlerini garaşsyz žurnalistlere edilýän hüjümleri bes etmeklige we tussaglykdaky žurnalistleri-de azatlyga goýbermeklige çagyrdy.

ÝHHG guramasynyň media meseleleri boýunça wekili Dunja Mijatowiç bu barada düýn Belarusyň daşary işler ministri Sergeý Martynowa ýörite hat gönderdi.

Hususan-da, ol hatda «ÝHHG 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen žurnalistlere garşy gurnalan zorluklar, gysyşlar, tussag etmeler we yzarlamalar barada çuňňur alada bildirýär» diýlip bellenipdir.
XS
SM
MD
LG