Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň polisiýasy üç sany protest çykyşyny dargytdy


Düýn Moskwanyň polisiýa işgärleri ýakynda tussag edilen oppozisiýa liderlerini goldap geçirilen üç sany piketi dargytdylar.

Oppozisiýa liderleri Boris Nemsow, Konstantin Kosýakin, Ilýa Ýaşin we Eduard Limonow dagylar 31-nji dekabrda Moskwada geçirilen demonstrasiýa wagtynda tussag edilipdiler.

Olar polisiýanyň görkezmesini ýerine ýetirmänlikde aýyplanylyp, 5 günden 15 gün aralygynda türme tussaglygyna höküm edildiler.
Düýnki piketlerde polisiýanyň azyndan 10 adamy tussag edendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG