Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanly aktiwist Özbegistanyň IIM-ni suda berdi


Düýn özbegistanly ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist Dmitriý Tihonow ýurtdan daşyna çykmagy üçin özüne çykyş wizasyny bermändigi üçin Özbegistanyň Içeri işler ministrligini suda berendigini aýtdy.

Daşkent oblastynyň Angeren şäherinden bolan 37 ýaşly Dmitriý Tihonow özüniň geçen ýyl daşary ýurtlara gitmek üçin iki gezek beren arzasynyň hiç hili düşündirişsiz kanagatlandyrylmandygyny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, birinji gezek ol zoolog alym hökmünde geçen ýylyň maýynda Afrakada gurnalan bir ylmy ekspedisiýa çagyrylypdyr. Ikinji gezek bolsa, ol geçen ýylyň noýabrynda Germaniýada ýaşaýan öz inisiniň ýanyna gitmekçi bolupdyr. Emma bu wakalaryň ikisinde-de Özbegistanyň Içeri işler ministrligi oňa çykyş wizasyny bermekden ýüz öwrüpdir.

Dmitriý Tihonowyň şikaýaty boýunça sud diňlenişigi şu hepdäniň anna güni Daşkendiň Ýakkasaroý raýon sudunda bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG