Sepleriň elýeterliligi

Ýakynda internet gözleg sahypalaryna syn edip ýörkäm, bir türkmeniň keşbi meni özüne çekdi. Bu suratda 1952-nji ýylda Helsinkide geçen olimpiýa oýunlarynda sport gimnastikasynda çempion bolan we 1948, 1949, 1950, 1951, 1952, 1953, 1955-nji ýyllarda eliňi diräp bökmeklikde SSSR-iň çempiony bolan Iosif Konstantinowiç Berdiýewiň ýylgyryp duran keşbi bardy. Bu ýigidiň hakyky ady Ýusup Kakajanowiç Berdiýew bolmaly.

Dogry, irki döwürlerde türkmenlerem atlaryny rus atlary bilen çalşyrýardylar. Mysal üçin, Türkmenistanyň ilkinji Halk komissarlar sowetiniň başlygy Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewe köplenç Konstantin Sergeýewiç diýip ýüzlenilýärdi. Ol hem ruslaryň türkmen atlaryny dogry tutup bilmeýänligi bilen düşündirilýärdi. Ýusup Kakajanowiç Berdiýew asly türkmen, özem Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan bolmaly. Emma Ýusup Berdiýewiň özüne Iosif diýen rus adyny almagynyň uly taryhy sebäpleri bar.

Repressiýa ýyllary

XX asyryň başynda Mary welaýatynda Emir aga diýen uly baý adam ýaşapdyr. Bu adamynyň birnäçe ogly bolupdyr. Olaryň iň ulularyny - Kakajan bilen Bekgini, Emir aga Rus imperiýasynyň paýtagty Sankt-Peterburga bilim alamaga iberipdir. Ogullarynyň iň ulusy Kakajan Sankt-Peterburgda hukuk ugrunda okap, türkmenleriň arasynda ilkinji ýokary bilim alanlaryň biri bolupdyr. Ol Türkmenistany özbaşdak döwlet etmek ugrunda göreşen ilkinji türkmen intellektuallarynyň biridir. 1920-30-njy ýyllarda Kakajan dogany Bekgi bilen döredilen ýaş Türkmen respulikasynyň ilkinji ädimleri ätmegi üçin öz bilim-tejribelerini bagş edipdirler.

1930-njy ýyllaryň başynda Kakajan dogany Bekgi we başga-da birnäçe türkmen intelligentleri Seýitmyrat Öwezbaýew, Oraz Wepaýew, Berdi Kerbabaýew dagylar bilen ýurduň howpsuzlyk gullugy (GPU) tarapyndan “Türkmen Azatlygy” guramasyny döretmekde günä bildirlip, tussag edilýärler.

Kakajan türkmen intelligenti Seýitmyrat Öwezbaýew bilen Peterburgyň golaýyndaky “Solowki” diýen adada tussaglykda bolýar we şol ýerde hem atylyp öldürilýär. Kakajanyň aýaly Antonina Iwanowna iki ogly - Konstantini we Ýusuby hem-de gyzyny alyp, Türkmenistandan göçüp gidýär.

Ýyllaryň geçmegi bilen Kakajan Berdiýewiň ogullary ýetişýär. Olaryň ikisem Ikinji Jahan urşuna gatnaşýarlar. Kakasynyň adyny göteren ogly Kakajan ýa-da Konstantin Berdiýew 1945-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda agyr ýaralanýar we Polşanyň eteginde ýerleşýän harby gospitalda ýogalýar.

Uruşdan aman gelensoňam, gün berilmändir…

Kakajanyň kiçi ogly Ýusup Berdiýew watançylyk urşundan aman gelip, parahat durmuşa girişýär. Ol Aşgabadyň “Dinamo” sport jemgyýetinde gimnastika bilen meşgullanyp başlaýar. Birnäçe gezek SSSR-iň çempiony bolansoň, Ýusup Berdiýewe 1952-nji ýylda Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde geçmeli olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berilýär. Şol oýunlarda hem Ýusup Kakajanowiç Berdiýew olimpiýadanyň gimnastika ugrundan ilkinji türkmen çempiony bolýar.

Ady dünýä metbugatynda ýaýramagy bilen, Ýusup Kakajanowiç Berdiýew Türkmenistanda ýörite gulluklaryň - KGB-niň üns merkezine düşýär. Kakasy Kakajan Berdiýewiň 1930-njy ýyllarda “Watan dönügi” diýlip tussag edilip atylmagy, Ýusubyň durmuşyna-da täzeden howp salyp başlaýar. Onuň hossarlary oňa adyny üýtgedip, Türkmenistandan çykyp gitmegi maslahat berýärler. Şol maslahat esasynda hem Ýusup Kakajanowiç täze, Iosif Konstantinowiç Berdiýew adyny alyp, Ukrainanyň Kiýew şäherine gidýär.

Ýusup Kakajanowiç Berdiýew 1924-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda doglup, 1992-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Kiýewde aradan çykýar. 1952-nji ýylda Helsinkide türkmenleriň taryhynda ilkinji bolup olimpiýa çempiony bolan Ýusup Kakajanowiç Berdiýew şu suratdaky keşbi bilen biziň ýüregimizde öçmejek ýagty yz bolup galar.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG