Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň delegasiýasy Azerbaýjana we Türkmenistana barar


Düýn Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso şu aýyň ahyrynda özüniň Ýewropa Bileleşiginiň ýörite delegasiýasyna öňbaşçylyk edip, Azerbaýjana we Türkmenistana sapara barjakdygyny mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, bu saparlaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli delegasiýasy Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen bu ýurtlardan Ýewropa gaz akdyrylmagy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Ýewropa Bilelelişigi Ýewropa çekilmegi göz öňünde tutulýan "Nabukko" gaz proýektiniň ýakyn wagtlarda amala aşmagyna uly umyt baglaýar.

Azerbaýjan bilen Türkmenistan bu proýekti gaz bilen üpjün etjek esasy ýurtlar bolar diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG