Sepleriň elýeterliligi

Aýlaga nebitiň dökülmeginde BP günäkärlenýär


Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasyna degişli toparyň maglumatlaryna görä, “British Petroleum” kompaniýasynyň we onuň kärdeş firmalarynyň köp mukdardaky pul serişdelerini tygşytlamagy geçen ýylyň aprelinde Meksikan aýlagyna nebitiň akmagyna getiripdir.

Bu hadysa Birleşen Ştatlaryň taryhynda deňizde dörän iň uly heläkçilik boldy diýlip, habar berilýär.

Ýörite düzülen komissiýanyň çarşenbe güni aýtmagyna görä, BP we onuň kärdeş “Halliburton” we “Transocean” kompaniýalary özleriniň goýberýän maliýe serişdelerini azaltmak bilen “ep-esli” puly we wagty tygşatlypdyrlar. Munuň netijesinde heläkçiligiň döremek howpy hem ýokarlanypdyr.

Şeýle-de komissiýa eger-de nebit senagaty pudagynda we munuň bilen bagly hökümet syýasatynda “möhüm” özgerişlikler amala aşyrylmasa, şeýle heläkçilikleriň ýene-de döremek howpunyň bardygyny duýdurdy.

Geçen ýylyň aprelinde Meksikan aýlagyndaky nebit ýatagyny özleşdirýän skwažinada näsazlyk çykyp, millionlarça barrel nebit aýlaga döküldi. BP “Halliburton” we “Transocean” kompaniýalarynyň jogapkärçiligindäki şol wakada 11 adam öldi.
XS
SM
MD
LG