Sepleriň elýeterliligi

Eýranda amerikaly zenanyň tussag edilendigi aýdylýar


Eýranyň döwlet eýeçiligindäki gazetiniň ýazmagyna görä, ýurtda içalyçylykda aýyplanyp amerikan raýaty bolan zenan tussag edilipdir.

Berilýän maglumatlara görä, 55 ýaşly bu zenan Eýrana Ermenistanyň üsti bilen wizasyz geçipdir. Şeýle-de ol tussag edilen wagty onuň ýany bilen içalyçylyk serişdeleri hem tapylypdyr.

Emma bu zenanyň haçan ele salnandygy barada maglumat berilmeýär. Şeýle-de bu waka ýurduň resmileri tarapyndan entek tassyklanmady.

2009-njy ýylyň iýulynda Eýranyň serhedini bikanun geçmekde we içalyçylykda aýyplanyp Amerikanyň başga-da üç raýaty tussag edilipdi.

Şol tussaglaryň biri geçen ýylyň sentýabrynda azat edildi, beýleki iki amerikaly heniz hem türmede.
XS
SM
MD
LG