Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa zerur bolsa media kanunyny üýtgetjekgini aýdýar


Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň aýtmagyna görä, eger-de Ýewropa Bileleşigi ýurtdaky täze media kanunynyň üýtgedilmegi zerur diýip hasaplaýan bolsa, onda bu kanun üýtgediler we oňa laýyklykda hereket ediler.

Emma, Orbanyň bellemegine görä, bu kanun Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlary Germaniýanyň, Fransiýanyň we Gollandiýanyň kanunçylygyna meňzedilip düzülipdir.

Bu kanuna laýyklykda, mediada berilýän maglumatlaryň “deňagramlylyk” we “ahlak” kadalaryna eýerip-eýermeýändigini ýurduň dolandyryjy “Fidesz” partiýasynyň kesgitlemäge ygtyýary bar.

Media baradaky bu täze kanun şu ýylyň ýanwaryndan başlap güýje giripdi.
XS
SM
MD
LG