Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa boýunça wekili Pekine bardy


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýa boýunça wekili Stefen Boswort Pekine bardy.

Bu saparyň dowamynda iki koreý döwletiniň arasynda dörän dartgynly ýagdaýalary aradan aýyrmak meseleleri boýunça maslahat ediler.

Geçen ýylyň noýabrynda Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýanyň adasyny top okuna tutmagy netijesinde sebitdäki öňdenem dartgynly ýagdaýlar has hem ýitileşipdi.

Hytaýa Demirgazyk Koreýanyň ýeke-täk möhüm ýarany hökmünde garalýar. Phenýany jylawlamagy we ony ýadro ýaragsyzlanma boýunça gepleşiklere öwrülip gelmäge yrmagy üçin Hytaýa basyş edilýär.

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragsyzlanma boýunça alty taraplaýyn gepleşiklerden 2008-nji ýylda çykypdy. Bu gepleşiklere iki koreý döwleti, Hytaý, Birleşen Ştatlar, Orsýet we Ýaponiýa gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG