Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda milli referendumy geçirmek teklibi goldandy


Penşenbe güni Gazagystanyň parlamentiniň ýokarky palatasy Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini ýene-de 10 ýyl uzaltmak boýunça milli referendumy geçirmek teklibini goldady.

Gazagystanyň oppozisiýa wekilleri munuň bilen bagly döredilen “milli inisatiwa” toparynyň esasy maksadynyň 2012-nji ýyldaky prezident saýlawlaryny geçirmezlik bolandygyny öňe sürýärler.

Birleşen Ştatlar bu wakany demokratiýa boýunça yza gaýdyşlyk diýip ýazgardy.

Referendumy geçirip-geçirmezlik boýunça soňky sözi prezident Nazarbaýewiň özi aýtmaly.

70 ýaşly N.Nazarbaýew Gazagystana 20 ýyl bäri baştutanlyk edip gelýär.
XS
SM
MD
LG