Sepleriň elýeterliligi

Hillari Klinton belarus aktiwistleri bilen duşuşyk geçirdi


Düýn Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Waşingtonda belarusly ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň bir topary bilen duşuşyk geçirdi.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Mark Toner bu aktiwistleriň Belarusda hem-de Birleşen Ştatlarda ýaşaýan belarus aktiwistleridigini aýtdy we olaryň oppozisiýa bilen dahylla däldiklerini nygtady. Emma ol bu aktiwistleriň anyk şahsyýetleri barada maglumat bermedi.

Mark Toner bu duşuşygyň maksadynyň Belarusdaky soňky repressiw çäreleri we ýurtda geçirilen prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly wakalary ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG