Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa sudy Litwanyň parlamentini bikanun işde aýyplady


Düýn ynsan hukuklary boýunça Ýewropa sudy Litwanyň häkimiýetleriniň 2004-nji ýylda ýurduň ozalky prezidenti Rolandas Paksasyň deputatlyga dalaş etmek synanyşygyna bikanun ýagdaýda böwet bolandyklary barada karar çykardy.

Hususan-da, Strasburgyň sudy Litwanyň parlamentiniň ozal impiçment arkaly wezipesinden çetleşdirilen resmilere gaýtadan saýlawlara gatnaşmaklygy gadagan edýän kanuny düzgüni kabul etmek bilen, ynsan hukuklary baradaky Ýewropa Konwensiýasynyň düzgünlerini bozandygyny aýtdy.

2004-nji ýylda impiçment arkaly wezipesinden çetleşdirilen Litwanyň ozalky prezidenti Rolandas Paksas bu kabul edilen kanuny düzgüniň hut özüne garşy gönükdirilendigini aýdyp, bu barada Ýewropa suduna şikaýat edipdi.
XS
SM
MD
LG