Sepleriň elýeterliligi

Pakistan bilen Owganystan «loýa-jirge» maslahatyny geçirerler


Düýn Pakistanyň hökümeti we Owganystandan Pakistana baran hökümet delegasiýasy iki ýurduň bilelikde «loýa-jirge», ýagny halk maslahatyny geçirmekligini ylalaşdylar.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Basit iki ýurduň göz öňünde tutýan bu baş maslahatynyň geljek birnäçe aýyň dowamynda geçiriljekdigini aýtdy. Emma ol maslahatyň anyk möhletini we nirede geçiriljekdigini mälim etmedi.

Bu «loýa-jirge» maslahatynda parahatçylyk meseleleri, şol sanda Talyban güýçleri bilen bir umumy dil tapmak meseleleri barada-da maslahat ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG