Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harby çykdajylary 78 milliard dollar azaldylar


Düýn Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Robert Geýts geljek bäş ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň harby maksatlar üçin sarp edýän býujetiniň 78 milliard dollar kemeldiljekdigini yglan etdi.

Harby çykdajylaryň azaldylmagy Barak Obamanyň administrasiýasynyň kem-kem artyp barýan býujet defisitini kemeltmek planlarynyň çäklerinde amala aşyrylar.

Harby maksatlar üçin çykdajylary azaltmak çäreleri Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň sanynyň hem azaldylmagyna getirer. Häzirki plana görä, 2015-2016-njy ýyla çenli gury ýer güýçlerini 27 müň esger, harby-deňiz flotunyň güýçlerini bolsa 15-20 müň esger töwereginde azaltmaklyk göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG