Sepleriň elýeterliligi

Prezident G.Berdimuhamedow täze kararlara gol çekdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe täze kararlara gol çekdi.

Hususan-da, döwlet lideri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby instituty baradaky düzgünnamany tassyklady.

Mundan daşary, ol Türkmenistanyň goşun generaly S.Nyýazow adyndaky Polisiýa Akademiýasyny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.Nyýazow adyndaky institutyna öwürmek baradaky karara gol çekdi.

Şeýle hem, prezident G.Berdimuhamedow Saud Arabystany bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ösdürmek maksadyndan ugur alyp, türkmen-saud hökümetara komissiýasynyň Türkmenistan tarapyndaky düzümini tassyklady.
XS
SM
MD
LG