Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti we harby güýçleriniň Baş komanduýuşisi Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen maslahatyny geçirdi.

Bu wakanyň öňýany ol paýgtda täze gurlan «Galkynyş» meýdançasynyň hem-de Goranmak ministrliginiň Baş graždan goranyş we halas ediş uprawleniýesiniň täze binalarynyň açylyş dabarasyna-da gatnaşdy.

Bu dabaranyň yzy bilen hem Baş graždan goranyş we halas ediş uprawleniýesiniň täze binasynyň aktlar zalynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen maslahaty geçirildi.

Maslahatda öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada goranmak ministri Ý.Berdiýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow, milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanow, Türkmenistanyň baş prokurory Ç.Hojamyradow, neşelere garşy göreş boýunça Döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew, içeri işler ministri I.Müllikow, Ýokary suduň başlygy Ý.Ýazmyradow, adalat ministri M.Garryýew, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýew we käbir beýleki ýokary derejeli resmiler hasabat bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň barşynda prezident G.Berdimuhamedow ýurduň goranmak ministriniň orunbasary G.Aşyrowy işinde goýberen düýpli kemçliklikleri üçin wezipesinden boşatdy, adalat ministri M.Garryýewe bolsa şular ýaly bellikler bilen berk käýinç yglan etdi.
XS
SM
MD
LG