Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda we Bakuwda “Nabukko” geňeşiler


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso (sagda) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul edýär, Brýussel, 5-nji noýabr, 2007-nji ýyl.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso (sagda) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul edýär, Brýussel, 5-nji noýabr, 2007-nji ýyl.
Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary Türkmenistan we Azerbaýjan bilen “Nabukko” proýektiniň gaz bilen üpjün edilmegi meselesini maslahat ederler. ÝB-niň wekilleriniň Aşgabatda we Bakuwda geçirjek gepleşikeleriniň temasy halkara metbugatynyň ünsüni çekdi.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barrosonyň we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa komissary Günter Öttingeriň 13-15-nji ýanwarda Azerbaýjana we Türkmenistana sapar etjekdikleri şu hepdäniň çarşenbe güni tassyklandy diýip, Germaniýanyň “Deutche Press” agentligi habar berýär.

Ýewropa Bileleşigi energiýa taýdan Orsýete bolan garaşlylygyny çäklendirmek üçin köp ugurly gaz üpjünçiligini ösdürmäge çalyşýar. Emma Türkiýäniň üstünden geçýän “Günorta energiýa koridoryny” döretmek we Hazar deňzinden gaz geçirijisini çekmek tagallalary häzire çenli oňly netije bermändi.

Üpjünçilik meselesi

“Nabukko” proýektiniň üpjünçilik meselesi heniz çözülmän galýar. “Deutche Press” agentligi bu meselede Barrosonyň sözünden sitata getirýär: “Biziň esasy maksadymyz “Günorta koridor” boýunça, şol sanda “Nabukko” boýunça-da degişli ýurtlaryň öz üstüne anyk borçnamalary almagyny gazanmakdan ybarat”.

ÝB-niň ýokary derejeli resmileriniň bu sapary çylşyrymly döwre gabat geldi. Şu aýyň dowamynda Azerbaýjanyň hökümetiniň offşor giňişliginde ýerleşýän ägirt uly “Şahdeňiz-2” gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça şertnama baglaşmakda özüne ýaran saýlamakda belli bir karara gelmegine garaşylýar.

Käbir analitikleriň pikirine görä, Orsýet Azerbaýjany we Türkmenistany gazy öz turbalaryndan akdyrmaga ündeýär. Bu ýurtlaryň ägirt uly gaz zapaslaryna Hytaý hem çynlakaý gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa ÝB-niň iri we täsirli bäsdeşleriniň bardygyny aňladýar diýip, “Deutche Press” agentligi belleýär.

Öňegidişlige garaşylýar

Emma Barroso “Nabukko” gaz geçiriji proýekti boýunça öňegidişlige garaşýar we proýektiň üstünlikli boljagyny belleýär diýip, Orsýetiň “RIA nowosti” agentligi habar berýär. “Nabukko” konsorsiumy turbanyň Azerbaýjan, Türkmenistan we Yrak tarapyndan uly möçberde akdyryljak gaz bilen doldurylmagyna garaşýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan hem goldanylýan “Nabukko” gaz geçirijisiniň uzynlygy 3,300 kilometre barabar bolup, onuň agramly bölegi – 2,730 kilometri Türkiýäniň üstünden geçýär. Oňa Türkmenistanyň ýyllyk 10 milliard kubmetr möçberde tebigy gaz akdyrmagyna garaşylýar.

“Nabukko” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň 2012-nji ýylda başlanyp, 2015-nji ýylda gazyň ilkinji tapgyrynyň akdyrylmagy planlaşdyrylýar. Germaniýanyň “RWE”, Awstriýanyň “OMV”, Wengriýanyň “MOL”, Rumyniýanyň “Transgaz”, Bolgariýanyň “BEH” we Türkiýäniň “Botaş” kompaniýalary proýektiň aksionerleri bolup durýar.
XS
SM
MD
LG