Sepleriň elýeterliligi

Pentagon çykdajylaryny azaltmakçy


Kongresiň agzalary goranyş býujetini öz regionlaryna getirýän ykdysady bähbitleri üçin hemişe gorap geldiler.

Kongresiň agzalary goranyş býujetini öz regionlaryna getirýän ykdysady bähbitleri üçin hemişe gorap geldiler.

Goranmak üçin edilýän çykdajynyň üznüksiz artdyrylmagynyň üýtgewsiz zat däldigi bilen sowuk uruşdan soň, Pentagon häzirki wagtda ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolýar. Goranmak ministri Robert Geýts penşenbe güni Pentagonyň göz öňünde tutulan harajatlary geljek bäş ýylda 78 milliard dollar kemeltjekdigini bildirdi.

ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts we Ýaragly güýçleriniň ştablar başyklarynyň birleşen komitetiniň baştutany Maýk Mallen metbugat konferensiýasynda, 6-njy ýanwar.
Bu üýtgeşiklik ýaragly güýçler üçin goýberilýän ýyllyk býujetiň öňümizdäki ýyllarda diňe inflýasiýa laýyklykda artjakdygyny, ýogsa onuň 2015, 2016-njy ýyllara çenli iş ýüzünde doňduryljakdygyny aňladýar. Geýtsiň aýtmagyna görä, býujetiň beýle kemeldilmegine sebäp bolýan zat ýurduň häzir başdan geçirýän kynçylykly maliýe ýagdaýy bilen baglanyşykly. Ýöne bu bir garaşylmadyk zat däldi. Ýurduň tutuş býujetiniň bäşden birine barabar goranyş harajatynyň häzirki depginde dowam etmejekdigini Demokratlaram, Respbublikanlaram soňky hepdelerde duýdurypdylar.

Geýtsiň bir metbugat konferensiýasynda bildirmegine görä, geljek ýyl üçin Ak Tam tarapyndan Pentagona teklip edilen, Owganystan we Yrak urşuna gidýän harajatdan daşgary, 553 milliard dollar, ýagny 2011-nji ýyl üçin soralanyndan takmynan bir prosent artyk. Geýts: “Bu pul öňümizdäki ýyllarda goşun için ýeterlik” diýse-de, esgerleriň sanynda, daşary ýurtlardaky harby bazalarda we ýarag programmalarynda mundan ýokary çäklendirmeleriň bolmagynyň töwekgel işdigini belledi.

“Meniň pikirimçe, Birleşen Ştatlaryň tutuş dünýäde ýüzbe-ýüz bolýan we ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin çylşyrymly kynçylyklaryny, mysal üçin, global terrorizmi, ýetip gelýän harby güýçleri, atom ýaragy bolan ýaramaz döwletleri we ýene-ýeneleri göz öňüne getireniňde, bu plan goranyş üçin zerur harajatyň iň az derejesi” diýip, Geýts aýtdy.

Maslahat berlipdi

Kongresiň agzalary goranyş býujetini öz regionlaryna getirýän ykdysady bähbitleri üçin hemişe gorap geldiler. Kongresiň Ýaragly güýçler baradaky komitetiniň täze başlygy kaliforniýaly Respublikan Howard P. MakKeon teklip edilen çäklendirmelere özüniň “begenmeýandigini” aýtdy. Ýöne beýleki tanymal Respublikanlaryň arasynda goranyş harajatynyň kemeldilmegine göni garşy çykan ýok.

Harby harajaty çäklendirmegi maslahat berip gelýänler ozal hem bardy. Prezident Barak Obama tarapyndan bellenen, iki partiýanyň wekillerini-de öz içine alýan defisit komissiýasy 2015-nji ýyla çenli goranyş býujetini 100 milliard dollar kemeletmegi maslahat berdi.

Geýts: “Harby işgärler kyn günlere taýýarlykly bolmaly” diýse-de, öňünden gören çäreleri bilen Pentagony mundan hem agyr çäklendirmelerden gorady. Ol geçen iki ýyllykda gymmat bahaly ýarag programmalaryny ýatyrdy. Ol žurnalistlere: “Biz goranyş programmalarynyň her biriniň hökman däldigine düşünmeli” diýdi.

Bu tygşytlylyk öz täsirini Ýewropa-da ýetirjege meňzeýär. “Geçirilen barlaglara esaslansaň, Ýewropda biziň güýç strukturamyzda artykmaçlygyň bardygyny görmek bolýar. Biz bu işiň alternatiw ýollaryny agtarýarys. Ýöne 2015-nji ýyldan bärde we öz ýaranlarymyz bilen maslahatlaşman, bu barada edilen iş bolmaz” diýip, Geýts aýtdy.

“Washington Post” gazetinden Kreýg Uitlogyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG