Sepleriň elýeterliligi

Çagalar üçin täze ýyl sowgady


Mekdep okuwçylarynyň gyş kanikulyna gabatlap geçirilýän bu çärä gatnaşýanlaryň arasynda çagalar köp.

Mekdep okuwçylarynyň gyş kanikulyna gabatlap geçirilýän bu çärä gatnaşýanlaryň arasynda çagalar köp.

7-nji ýanwarda Aşgabadyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet we Teleradioýaýlymlar ministrliginiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde gurnan çäresi bolan çagalar üçin kinofilmleriň görkezilişi başlandy. Bu bilelikdäki çäre täze ýyl we roždestwo baýramçylygyna gabatlanyp geçirilýär. Çäräniň dowamynda jemi üç sany kinofilm görkezilýär. “Madagaskar-2” atly multfilm we “Muzeýdäki gije-2” atly filmler 7-nji ýanwarda görkezildi.

Bu kino görkeziliş “Güjükler üçin myhmanhana” atly kinofilm bilen 8-nji ýanwarda tamamlanar. Filmler rus dilinde görkezilýär. Giriş mugt. 8 ýaşly Aman bu kino görkezilişe kakasy bilen gelipdir. Ol gören kinofilmleri baradaky öz duýgularyny şeýle beýan etdi: “Kino maňa ýarady. “Madagaskar” multfilmini gördüm, “Muzeýdäki gije” diýen kinony gördüm. Kinoteatryň içi diýseň owadan, men birinji gezek gelip gördüm”.

Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň işgäri Gözel kinokonsert merkeziniň foýesinde Amerikanyň ilçihanasynyň mugt paýlaýan broşýuralaryndan 2-3 sanysyny alyp, “Bulary çärä gatnaşandygymyň subutnamasy hökmünde alýaryn” diýdi. Gözeliň bu sözleriniň oýun bolmagam ähtimal.

Zalyň içinde oturan tahýaly oglan-gyzlaryň hem ýokary okuw jaýlarynyň studentleridigini aňmak bolýar. Mekdep okuwçylarynyň gyş kanikulyna gabatlap geçirilýän bu çärä gatnaşýanlaryň arasynda çagalar köp. Olaryň käbirleri hossarlary bilen gelen bolsalar, käbirleri dostlary bilen gelipdirler.

Tomaşaçylarda galdyran täsiri

Mekdepde okaýan ogullary bilen gelen 35 ýaşly Mekan şeýle diýdi: “Häzir çagalaryň gyş kanikuly. Çagalar bu möwsümi boş geçirmez ýaly şeýle çäreler geçirýändikleri üçin Medeniýet ministrligine hem-de Amerikanyň ilçihanasyna minnetdar. Şular ýaly çäreler adaty ýagdaý bolup, yzygiderli geçirilse, gowy boljak. Özi-de bu çäreler diňe bir daşary ýurtlularyň kömegi bilen geçirilmän, eýse biziň guramalarymyza ony özbaşdak geçirmegi öwrenere-de wagt boldy. Türkmenistanyň ýaşlar guramasy üçin bu uly tejribe”.

Kinokonsert merkezine 7 ýaşly gyzy bilen gelen Ýazgül tomaşa eden filmleri barada şeýle diýdi: “Bu filmleriň ählisine biziň çagalarymyz türkmen telewideniýesinde tomaşa edýärler. Bu filmler türkmen diline terjime edilip, ýylyň dowamynda birnäçe gezek görkezilýär. Ýöne, muňa garamazdan, kinoteatrdaky görkeziliş telewideniýe bilen deňär ýaly däl. Onsoňam, türkmen telewideniýesinde bu filmler ogurlanyp görkezilýär. Şonuň üçin tapawudy görnüp dur. Meniň gyzym telewizorda bu filmleri görenem bolsa, kinoteatrda görmek onuň üçin aýratyn waka boldy. Bu çäre çagalar üçin täze ýyl sowgady diýsem ýalňyşmaryn”.

8 ýaşly Amandan bu kino görkezilişiň beýleki kino seanslaryna hem geljekmi diýip soranymda şeýle diýdi: “Meň kinoteatra gelesim gelýär, ýöne kakamyň işi köp bolansoň, gelip bilmerin öýdýärin”.

Kinoseansadan çykyp barýan Milli kitaphananyň işgäri Gözelden “Siz beýleki kinofilmlere-de tomaşa etmelimi?” diýip soranymda: “Ýok. Indi beýlekiler gelerler. Olaryň nobaty” diýip, jogap berdi.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG