Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi Eýranyň çakylygyny ret edýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Ketrin Aştonyň aýtmagyna görä, Eýranyň öz ýadro proýektlerini görkezmek boýunça eden teklibini Ýewropa Bileleşigi ret edýär.

Aşton anna güni žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Tähranyň bu teklibine oňaýsyz garamaýandygyny, emma beýle gözegçiligi Ýewropa Bileleşiginiň däl-de, Halkara atom energiýasy guramasynyň amala aşyrmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de Ketrin Aşton bu karara gelmezden ozal Orsýet we Hytaý bilen hem maslahatlaşandygyny sözüne goşdy.

Sişenbe güni Tähran Halkara atom energiýasy guramasyndaky akkreditasiýa edilen diplomatlary Eýranda alnyp barylýan ýadro proýektleri görmäge çagyrypdy.

Bu çagyryş Eýranyň ýadro meselesi boýunça geçiriljek gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň öňüsyrasynda edildi.
XS
SM
MD
LG