Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Merkezi aňtaw gullugynyň öňki ofiseri tussag edildi


Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) öňki ofiseri gizlin maglumatlary aýan edenlikde aýyplanyp, tussag edildi.

Jeffri Sterling Eýran bilen bagly gizlin maglumatlary “The New York Times” gazetiniň žurnalistine berenlikde aýyplanýar. Onuň ýaýradan maglumatlarynyň mazmuny barada resmi habar berilmedi.

Emma ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw gullugynyň alyp baran operasiýalary, şol sanda Eýrandaky işleri barada “The New Ýork Times” gazetiniň žurnalisti Jeýms Raýzeniň ýazan kitabyna informasiýanyň nireden gelendigini bu berilýän maglumatlar aýan etdi diýilýär.

Jeffri Sterling Merkezi Aňtaw gullugynda 1993-2002 ýyllar aralygynda işläpdi.
XS
SM
MD
LG