Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Al-Sadr yraklylary täze hökümeti goldamaga çagyrýar


Yragyň şaýy ruhanysy Moktada al-Sadr şenbe güni öz tarapdarlaryny Yragyň täze hökümetine pursat bermäge çagyrdy. Bu onuň Eýrandan geleli bäri ilkinji çykyp gepleýşidir.

Ol Najafda çykyp gepläp, eger hökümet halky goldamasa, muny düzetmegiň ýollary bar, ýöne bu diňe syýasy manyda bolmaly diýdi.

Şeýle-de ol öz tarapdarlaryny Birleşen Ştatlara we «Yragyň ähli basybalyjylaryna» garşy durmaga çagyrdy. Ol bu garşylygyň geçmişde Mehdi milisiýasynyň edişi ýaly diňe ýaragly garşylyk bolmagynyň hökman däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG