Sepleriň elýeterliligi

Obama Guwantanama tussag geçirilmegini gadagan edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama terrorda güman edilýän tussaglaryň sud seljerişligi üçin Guwantnama Beý türmesine getirilmegine we olaryň daşary ýurtlara geçirilmegine çäklendirme girizýän kanun taslamasyna gol çekdi.

Bu çäre Guwantanamo türmesini ýapmagy kynlaşdyrjaga çalym edýän ädim ýaly häsiýetlendirildi.

Obama amerikan häkimiýetleriniň güman edilýänleri graždan terror sudy üçin Birleşen Ştatlara getirmek mümkinçiligi bolmaly diýdi.

Guwantanamo Beý türmesinde häzir 170 çemesi tussag saklanýar.
XS
SM
MD
LG