Sepleriň elýeterliligi

“Twitter” “Wikileaks” barada maglumat üçin suda çagyrylýar


Birleşen Ştatlar sosial network “Twitter” saýtyny “Wikileaks” bilen ilteşikli adamlar baradaky hususy maglumatlary bermegi üçin suda çagyrdy.

Wirjiniadaky etrap sudy “Twitterden” ulanyş atlary, adresler, telefon nomerleri, töleg detallary ýaly maglumatlary almak isleýändigini aýtdy.

“Wikileaks” şenbe güni özlerinde “Google” bilen “Facebook” saýtynyň hem şeýle sud talaby bilen ýüzbe-ýüz bolandygyna ynanmak esasynyň bardygyny aýtdy.

“Wikileaks” noýabrda amerikan diplomat telegrammlaryny çap edip başlanda hökümetleriň gaharyny getiripdi we Owganystandaky we Yrakdaky uruş barada gizlin dokumentleri çap edende berk ýazgyryşa sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG