Sepleriň elýeterliligi

Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna 1 million 200 müň dollar goýberilýär


Merkezi bank Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramyny bellemek bilen bagly çykdajylar üçin welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň hersine 200 müň amerikan dollary mukdarynda döwlet serişdesini goýberer.

Türkmen metbugaty prezident G. Berdimuhamedowyň anna güni şeýle karara gol çekendigini ýazýar.

Bu karar esasynda garaşsyzlygyň 20 ýyllyk baýramyny ýokary derejede bellemegi guramak boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklandy.
XS
SM
MD
LG