Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar baglary


Çigrekli howanyň aralaşanyna eýýäm esli wagt bolup barýar. Emma şeýle-de bolsa, öňki Soýuzyň sostawynda bolan döwletlerde şol, öňki — sowet döwründäki endikler saklanyp galypdyr.

Howa hernäçe salkyn bolsa-da, noýabr aýyndan öň hökümet tarapyndan salnan jaýlarda ýyladyş sistemasy işe girizilmeýär, ýagny, peçler ýakylmaýar. Peçler ýakylan ýagdaýynda-da, turbalaryň ýarylyp, öýlere hiç hili ýylylyk berilmeýändigi hakda uly nesliň nägileliklerini her bir ýerde eşidip bolýar.

Sowet döwründe salnan çagalar baglarynyň ýyladyş sistemasy hem ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş sistemalary bilen baglanyşykly. Ýaşaýyş jaýlarynda bolmaýan ýylylyk çagalar baglarynda-da bolmaýar.

Bu ýagdaý çagalaryň saglygyna örän uly zyýan edýär. Şu günler haýsy bir saglyk öýüni, haýsy bir hassahanany görseň, çagalar bagynda üşänligi üçin çagasyna sanjym urdurmaga baran ene-atalary görüp bolýar.

Çagalar, aýratyn-da günortan uklan çagy üşeýärler. Çagalar baglary örän sowuk. Bejergi alynmadan bolsa haýyr ýok. Sebäbi saglygy dikeldilen çaga ýene çagalar bagyna barsa, ýene sowuklap, öňki keselini gaýtalaýar.

Işleýän ene-atalar çagalaryny çagalar bagyna bermeseler, alaç ýok. Işe gitmek üçin körpeleri hökman çagalar bagyna bermeli bolýar. Ene-ata çagasyny ynanyp, çagalar bagyna tabşyrýar.

Çagalar bagynda çagalara üşemekden başga howplar hem döräp durýar. Sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilmeýänligi sebäpli, bir çaga haýsydyr bir kesel bilen kesellese (ýagny, sarygetirme, içgeçme, syçratgy we ş.m.) şol kesel beýleki çagalara-da köpçülikleýin geçýär.

Bu zatlaryň üstesine-de, bag ekmek, töweregi arassalamak, dürli baýramçylyklara, ýygnaklara gatnaşmak çäreleri üçin çagalar baglarynyň terbiýeçileridir enekeleri gitmeli bolanda, ähli toparlardaky çagalar ýekeje enekä goýlup gidilýär. Çagalar bagyndaky iň howply ýagdaý hem şudur. Sebäbi şol pursatda haýsydyr bir çaga kesellese, ýa-da howply ýagdaý ýüze çyksa, olaryň dadyna Hudaý ýetişäýmese, ýekeje enekäniň ýetişip bilmejegi görnüp dur.

Täze gurulýan çagalar baglarynda ýyladyş sistemalary gowy. Ol çagalar baglaryndaky enekelerdir terbiýeçiler-de bag ekmek, töweregi arassalamak işlerine we baýramçylyklara, çärelere gatnaşsa-da, şol pursatda çagalar ýeke enekä zyňlyp gidilse-de, garaz, ol çagalar baglarynda çagalar ýyly ýerlerde-hä oýnaýarlar we ukularyny alýarlar.

Bütin ýurduň çagalaryna ýyladyş sistemasy gowy bolan, täze tipli çagalar baglaryny gurup bermeli bolsa, entek Türkmenistan üçin iş köp. Sebäbi obalardaky, etraplardaky, ýurduň ähli şäherlerindäki, welaýatlardaky, paýtagtdaky çagalar baglarynyň durkuny täzelemek bir ýa-da iki ýylyň işi däl. Bu iş onlarça, belki-de ondan-da köp ýyllaryň işi. Müňlerçe çagalar baglary bar. Ýagdaý şeýle bolansoň, körpeleriň gyşyna üşäp keselleme meselesi ýakyn ýyllarda çözülmez.

Öý uprawleniýeleri, häkimlikler çagalar baglarynyň ýyladyş sistemasyny düzetmeli jogapkär edaralar. Ýa-ha çagalar baglarynyň ýyladyş sistemasyny düzetmek üçin döwlet pul serişdelerini goýberenok, ýa-da öý uprawleniýeleridir häkimlikleriň işgärleri geleňsizlik edýär, belli däl, çagalar baglaryna gatnaýan körpejeleriň güni gyşyna-ha gowy däl.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG