Sepleriň elýeterliligi

ABŞ tussag edilen amerikan raýaty Eýranda däl diýýär


Birleşen Ştatlaryň aýtmagyna görä, Tähranyň içalyçylykda aýyplap tussag eden amerikan zenany aslynda Eýranda tussaglykda saklanmaýar.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toneriň berýän maglumatlarynda bu zenanyň ýagdaýynyň gowudygy aýdylýar. Şeýle-de ol zenanyň Eýranda däldigi nygtalýar. Bu barada goşmaça maglumat berilmedi.

Şenbe güni Eýranyň polisiýa resmileri ady Hal Faýalan diýlip tutulan amerikan zenanynyň içalyçylykda aýyplanyp, tussag edilendigini tassyklapdylar.
XS
SM
MD
LG